SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Müsür Arap Respublikasyny gyzzyrma keselinden azat ýurt hökmünde tassyklady. Bu barada BSGG-niň Ženewa merkezi habar berdi.

Müsüriň gyzzyrma keselinden azat ýurt hökmünde ykrar edilmegi “100 milliondan gowrak ilatly döwlet üçin jemgyýetçilik saglygy ulgamynda uly üstünlik” diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Bu üstünlik, Müsüriň hökümetiniň we halkynyň köp ýyllardan bäri ýurtda ýüze çykýan kesele garşy göreşmek üçin alyp baran tagallalarynyň netijesidir.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus “Gyzzyrma Müsür siwilizasiýasynyň özi ýaly köne kesel, ýöne faraonlara hem ýokaşan kesel onuň geljegine däl-de, taryhyna siňdi” -diýip belledi.

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy