SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Howa menzilleriniň işgärleri: ýiti respirator keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak 

2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) guramagynda “Hukuk goraýjy edaralaryň we howa menzilleriniň işgärleri üçin ýiti respirator keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça” okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň web saýtynda aýdylýar.

Geçirilen maslahata ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Okuw maslahatyň dowamynda howa menzillerinde ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygy we dessin çärelerini üpjün etmekde ýerine ýetirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýiti respirator keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça milli hünärmenleriň bilimini artdyrmakda halkara tejribesi dogrusynda pikir alyşdylar.

Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde halkara maslahatlary yzygiderli geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.

 

“Omikron” Russiýa hem aralaÅŸdy

Related posts

Stambul-Aşgabat-Stambul gatnawy amala aşyryldy

Ata Watan Eserleri

Dünýäde ilkinji ýüzýän metjit Dubaýda açylar

Stambul-Türkmenabat uçar gatnawy amala aşyrylýar