SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gyrgyz Respublikasynda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Gyrgyz Respublikasynda koronawirus pandemiýasyna garşy köpçülikleýin sanjym etmek işiniň birinji tapgyry badalga aldy. Ýurtda sanjym döwründe Hytaýyň “Sinopharm” sanjymy urulýar.

Gyrgyz Respublikasynda ilkinji bolup, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik ministri Alymkadyr Beýşenaliýew we onuň orunbasarlary sanjym aldy.

Ministr metbugat ýygnagynda eden çykyşynda bu sanjymyň täsirliliginiň ýokarydygyny belläp, hiç hili ikinji derejeli täsiriniň ýokdugyny belledi.

Golaýda Gyrgyz Respublikasyna Hytaýdan ynsanperwer kömegi hökmünde 150 müň doza möçberinde “Sinopharm” sanjymy getirildi.

Bu sanjym bilen Hytaýda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Özbegistan Respublikasynda, Bahreýnde sanjym işleri alnyp barylýar. Bütin dünýäde 3 milliondan gowrak adama sanjym edildi.

 

Sues kanaly täzeden açyldy

 

Related posts

BSGG-niň wekilýetiniň Türkmenistana sapary

Ata Watan Eserleri

Hytaýda çagalar üçin waksina bellige alyndy

Tailand 10 ýyllyk wiza hödürleýär