DÜNÝÄ

Sues kanaly täzeden açyldy

Bir hepde golaý “EverGiven” konteýner gämisi sebäpli ýapyk galan Sues kanaly täzeden açyldy. Gäminiň ýüzmegini dowam etdirmegi üçin edilen tagallalar başa bardy.

Afrika bilen Ýewraziýanyň arasyndaky söwda köprüsi bolup hyzmat edýän Sues kanaly, planetanyň umumy söwdasynyň 10%-den 13% -ine çenlisini öz paýyna düşýär. Bu kanal arkaly her gün takmynan 10 milliard dollarlyk haryt daşalýar.

Sues kanalynyň direksiýasynyň ýolbaşçysy Usama Rabi 3 ýa-da 5 günüň dowamynda ozalky hereket tertibine gaýdyp gelinjekdigini belledi. Kanaldaky hereket wagtlaýynça togtandygy üçin bu sebitde ýüzlerçe gämi üýşdi.

 

Türkiýä pasportsyz syýahat mümkinçiligi

 

Related posts

Taryhda şu gün: 8-nji iýun

Ata Watan Eserleri

ABŞ bilen Hytaý “TikTok” jemgyýetçilik tory boýunça ylalaşdy

Ata Watan Eserleri

Ärdogan Wiktor Orbana elektroulag sowgat etdi

Ata Watan Eserleri