BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä pul gaznasynyň maslahatyna gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Bütindünýä pul gaznasynyň maslahatyna gatnaşmaga çagyrylandygy barada aýdyp, şeýle ýokary derejeli maslahatlara gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri we hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygyny ýetirmegi Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. Häzirki wagtda bu sapara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Bellenilişi ýaly, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda ekologiýa, “akylly” şäher konsepsiýasy, lukmançylyk we oba hojalyk klasterlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu iri maslahatda Arkadag şäheriniň maýa goýum maksatnamasy, maslahat beriş ulgamy we ynsanperwerlik goldawlary ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar hem bolar.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda täze şäherde alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça görülýän taýýarlyk, Arkadag şäherindäki giň möçberli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda edilýän tagallalar barada hasabatlar berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy