JEMGYÝET

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji sapary

Mongoliýa Respublikasynyň Prezidenti Uhnaa Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 10-13-nji oktýabr aralygynda ýurdumyzda döwlet saparynda bolar. Bu barada Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bu taryhy hem-de döwlet sapary iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklardan soňra amala aşyrylýan ilkinji ýokary derejeli sapar bolup durýandygy bilen tapawutlanýar.

Mongoliýanyň Prezidenti saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar. Ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Mongoliýa Respublikasynyň Prezidenti Uhnaa Hurelsuh saparynyň çäklerinde türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Ýene-de okaň

Hytaýyň wise-premýeri: “Galkynyş” gaz käni türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň hyzmatdaşlygy boýunça ähtnama gol çekdi

Din Sýuesýan: Hytaý Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna badalga berdi

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy