JEMGYÝET

Türkmenistanda täze saglyk merkezleri açylar

Şu ýy­lyň 9 — 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe saglyk merkezleri açylyp ulanmaga berler.

Açylyp ulanmaga beriljek desgalaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binalary bar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şol günlerde Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylar.

 

 

Related posts

Hindistanda gar adamyň yzyna gabat gelindi

vepa

Türkmenistan bilen Ýaponiýa täze ähtnamalara gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Adem Kula : Foruma uly höwes bilen gatnaşdyk

vepa