JEMGYÝET

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna öz adymdan we maşgalamyň adyndan ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma bilen beýan edýärin.

Biziň halklarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasynda parahatçylygyň, ösüşiň ählumumy wezipeleriniň, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymyzy ýollaýarys.

KARL III,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy.

Related posts

Marsda adam ýaşap bilermi? Ilon Mask jogap berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hormat nyşany bilen sylaglanyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-german hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar