JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Ronaldo hem öýüne dolandy

Futbol boýunça Ýewropa çempionaty hem gyzykly duşuşyklary bilen dowam edýär. Daniýa, Italiýa, Çehiýa ýaly ýygyndylardan soňra Belgiýa hem 1/4 final tapgyryna çykmagy başardy.

Belgiýalylaryň Ýewropa çempionatynyň soňky çempiony Kristiano Ronaldoly Portugaliýany 1:0 hasabynda ýeňdi. Belgiýanyň ýeke-täk goluny oýnuň 42-nji minutynda Torgan Azar geçirdi.

Şeýlelikde, Ronaldo esasy rekordy öz adyna ýazdyryp bilmän çempionatda gaýtmaly boldy. Ol milli ýygyndynyň düzüminde 109 gol geçirip, bu ugurda rekordy eýranly Ali Daie bilen şäriklik edipdi. Şu duşuşykda tapawutlanan bolsa, ol bu rekordy öz hasabyna geçirerdi.

Belgiýanyň ýygyndysy 1/4 final duşuşygynda Italiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. 1/4 finalynyň beýleki duşuşygynda bolsa Daniýa bilen Çehiýa duşuşar. Çehiýalylar hem garaşylmadyk ýagdaýda Niderlandrlar ýeňdi.

 

Türkmenistan Hytaýdan “COVID-19” sanjymyny satyn alar

Related posts

Türkmenistan Türkiýä tebigy gazyny we elektrik toguny ibermäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynda gyşky transfer möwsümi başlady

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri