DÜNÝÄ

Gyrgyzystanda “ýaşyl” şäher gurlar

2025-nji ýylda Gyrgyzystanyň Kemine şäherinde “ýaşyl” şäheriň gurluşygyna girişiler. Bu barada ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.

– Geljek ýyl Kemina şäherinde “ýaşyl” şäher taslamasynyň gurluşygyna başlarys. Biz ýurdumyzyň beýleki sebitlerine nusga boljak “ýaşly” şäheri gurarys. Bu hem geljek nesillerimiz üçin tebigaty goramaga mümkinçilik berer. Onuň ykdysady, söwda, medeni-syýahatçylyk, innowasiýa we täze tehnologiýalaryň merkezi bolar – diýip, Prezident belledi.

Şeýle hem Sadyr Žaparow Yssyk-Kul kölüniň kenarynda “Asman” atly döwrebap we innowasion şäheriň gurluşygyna girişilendigini aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Merkezi Aziýa global howpsuzlyk hem-de dünýä ykdysadyýeti nukdaýnazaryndan möhüm sebite öwrülýär.

Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň goňşy döwletler bilen  sebitiň durnukly ösüşi üçin bilelikde tagalla edýändigini belläp, Gazagystan we Özbegistan bilen bilelikde Kambar-Ata-1 gidroelektrik stansiýasynyň, Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýolunyň gurulýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa täze ähtnamalara gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli brifing geçirildi

Sergeý Lebedew GDA-nyň baş sekretarlygyna täzeden bellendi

Türkmenistanyň wekiliýeti “Global Gateway 2025” ikinji forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmen wekiliýeti Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary bilen duşuşdy