DÜNÝÄ

Gyrgyzystanda “ýaşyl” şäher gurlar

2025-nji ýylda Gyrgyzystanyň Kemine şäherinde “ýaşyl” şäheriň gurluşygyna girişiler. Bu barada ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.

– Geljek ýyl Kemina şäherinde “ýaşyl” şäher taslamasynyň gurluşygyna başlarys. Biz ýurdumyzyň beýleki sebitlerine nusga boljak “ýaşly” şäheri gurarys. Bu hem geljek nesillerimiz üçin tebigaty goramaga mümkinçilik berer. Onuň ykdysady, söwda, medeni-syýahatçylyk, innowasiýa we täze tehnologiýalaryň merkezi bolar – diýip, Prezident belledi.

Şeýle hem Sadyr Žaparow Yssyk-Kul kölüniň kenarynda “Asman” atly döwrebap we innowasion şäheriň gurluşygyna girişilendigini aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Merkezi Aziýa global howpsuzlyk hem-de dünýä ykdysadyýeti nukdaýnazaryndan möhüm sebite öwrülýär.

Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň goňşy döwletler bilen  sebitiň durnukly ösüşi üçin bilelikde tagalla edýändigini belläp, Gazagystan we Özbegistan bilen bilelikde Kambar-Ata-1 gidroelektrik stansiýasynyň, Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýolunyň gurulýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy