JEMGYÝET

“Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy” işlenip taýýarlandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde degişli ýolbaşçylar bilen şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” işlenip taýýarlanylandygyny aýdyp, degişli maksatnamany tassyklamak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Konsepsiýada Arkadag şäherini ähli ugurlarda ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny” Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumyna iberip, maksatnamany hormatly Prezidentimiziň tassyklamagyna hödürlemek boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu Konsepsiýany tassyklan halatynda, onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem bu Konsepsiýanyň esasynda “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny” tassyklamak boýunça geçirilýän işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Ýene-de okaň

Ermenistanyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri öňde boljak sammitleri ara alyp maslahatlaşdy

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri