DÜNÝÄ

Prezident Ärdogan 14-nji gezek Baş Assambleýada çykyş eder

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 24-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 14-nji gezek çykyş eder. “Anadolu” agentliginiň habaryna görä, Prezident Ärdogan 2005-nji ýylda şol döwürde ýurduň Premýer-ministri döwründe ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 60-njy mejlisine gatnaşypdy.  Soňra Ärdogan ikinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasyna 2007-nji ýylda gatnaşdy.

Prezident Ärdogan 24-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasyna 14-nji gezek gatnaşýar. Ärdogan bu mejlisiň çäklerinde ikiçäk duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.

Her ýyl dünýä döwletleriniň Baştutanlary we hökümet başlyklary Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşýar.

Üstümizdäki ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisi “Geljegiň sammiti” şygary bilen geçiriler. Ýokary derejeli hepdeligiň dowamynda dünýä liderleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden çykyş ederler.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 24-nji sentýabry güni başlanýan mejlisde 3-nji bolup çykyş eder.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine 190 döwletden ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

“Merkezi Aziýa-ASEAN” formatyny döretmek pikiri maslahatlaşyldy

BMG-niň Baş Assambleýasy öz işine başlaýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi