SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG maýmyn mama keseline garşy ilkinji waksinany tassyklady

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Daniýanyň “Bavarian Nordic A/S” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “MVA-BN” waksinasyny maýmyn mama keseli üçin tassyklan ilkinji waksinasy boldy. Bu barada BSGG-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu waksina ilkinji nobatda 18 ýaşdan ulular üçin niýetlenip, ony iki dozada almak mümkinçiligi dörediler. Her waksinanyň arasynda 4 hepde wagt salmaly. Sowadyjylarda saklanan waksinalary +2….+8 temperaturada 8 hepdäniň dowamynda sanjym etmek bolar.

– Bu waksina maýmyn mama keseline garşy deslapky kwalifikasiýadan geçen sanjymlaryň biridir. Indi, bu sanjymy üpjünçiliginiň gerimini giňeltmeli. Waksinalaryň hemmelere elýeterli bolmagy üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr – diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adanom Gebreýesus belläp geçdi.

Sanjymyň bir dozasynyň bu wirusly kesele garşy 76 göterim täsir etjekdigi, ikinji dozasy bilen sanjymyň täsirliliginiň 82 göterime deň boljakdygy bellenildi.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy