SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

4 ýurtdan sanjym üçin 750 million ýewro

Italiýa, Germaniýa, Niderlandlar we Fransiýa ýaly döwletler Angliýada ýerleşýän “AstraZeneca” derman kärhanasynyň “Covid-19” sanjymynyň 300 million dozasy üçin 750 million ýewro tölär.

Angliýa-şwesiýa hyzmatdaşlygynda hereket edýän “AstraZeneca” derman kärhanasy Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Niderlandlar tarapyndan döredilen «Sanjym bileleşigi» (IVA) bilen Ýewropa 400 million dozada “Covid-19” sanjymyny bermek barada şertnama baglaşdy.

Italiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary şertnama baglaşýan ýurtlaryň sanjymdan goşmaça 100 million dozany almak mümkinçiliginiň bardygyny hem belläp geçdi. Ylalaşykdan Italiýanyň paýy üçin tölegiň mukdary 75 million doza üçin takmynan 185 million ýewro barabar bolar.

Related posts

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

THY: Türkmenbaşy-Stambul ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

THY-den Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýörite uçar gatnawy