SIZDEN GELENLER

Saglyk – ýeke-täk baýlyk

Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar.

Ýokary hünär derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagy, şeýle-de dünýäniň belli önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, türkmenistanlylara ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de saglygy goraýyş desgalary gurulýar.

Eziz Diýarymyzy gülläp ösýän mekana öwürmäge gönükdirilen maksatnamalar hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň usullarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ol öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslanýar. Ösüşiň ekologiýa maksatnamasy ahyrky netijede adamlaryň durmuş derejesini ajaýyp türkmen tebigaty, ýurdumyzyň daşky gurşawy we gülläp ösmegi bilen sazlaşykda ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe, saglyk we sport çärelerine watandaşlarymyzyň müňlerçesi, şol sanda ýaşlar hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şeýle giň möçberli sport çäreleri sportuň dünýäde meşhur görnüşlerini ösdürmäge, oňa ýaşlary höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzy köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her bir ynsanyň saglygynyň, hut şonuň ýaly-da ähli ilatymyzyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek bilen bagly çärelere badalga berende, ata-babalarymyzyň şol gadymy ýörelgesine eýerýär.

Halkymyz ynsanyň iň uly baýlygynyň saglykdygyny belleýär. Her bir maşgalanyň sagdynlygy jemgyýetimiziň mizemez binýadyny üpjün edýär, çünki jemgyýet hem uly göwrümli maşgaladyr.  Ýurdumyzda sporty ösdürmäge, ilaty köpçülikleýin sporta çekmäge uly üns berilýär. Çünki sport ruhubelentligiň we sagdynlygyň nyşany hökmünde beýleki durmuş özgertmeleri üçin hem hereketlendiriji güýje öwrülýär.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň  «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip nesihat edişi ýaly, gadym döwürlerden bäri adamzat baş saglygyň naýbaşy baýlykdygyna düşünipdir we bu baradaky pikirleri atalar sözlerine, nakyllara siňdiripdir. Alymlar, filosoflar, lukmanlar saglyk, ony goramak, berkitmek baradaky pikirlerini, maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini parasatly jümleler arkaly beýan edip nesillere geçiripdirler.

Şu ýerde şolaryň hem käbiri ýatlap geçmek ýerlikli bolar:

«Seniň saglygyň – bu arassa howa, suw we iýmit. Şatlyk bilen oýan, ýylgyryp uka git. Sen şatlanýaň, ýylgyrýaň, diýmek, sen sagdyn. Keseli bejerme, durmuşyňy sazla, tebigatyň we pähim-parasatlylygyň kanuny boýunça ýaşa. Saglyk bolmasa pähimlilik dymýar, sungat gülläp bilmeýär, kuwwatlylyk ýalkym saçmaýar, baýlyk peýdasyz, parasatlylyk güýçsüz bolýar» Gerodot.

***

«Beden maşklary köp dürli dermanlaryň ornuny tutup biler, emma dünýädäki hiç bir derman beden maşklarynyň ornuny tutup bilmez» Anjelo Mosso.

*  *  *

«Hiç hili artykmaç zat ýok. Ir ýatmak, ir turmak – adamyň sagdyn, baý we akylly bolmagynyň şerti» Benjamin Franklin.

*  *  *

«Saglyk – diňe bir güýjüňi, wagtyňy, zähmetiňi däl, eýsem durmuşyň bir bölegini sarp etmeklige mynasyp bolan ýeke-täk baýlykdyr» Mişel de Monten. 

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň saglyk barada aýdan dürdäne öwüt-nesihatlary bilen makalamy jemlemek isleýärin.

  • Biz sagdyn durmuşyň tarapdary bolmak bilen, milletimiziň genofondunyň has-da berkemegine, ilatymyzyň saglygynyň pugtalanmagyna, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala getirilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýäris.
  • Biz «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» diýýäris. Diňe sagdyn jemgyýet kämil ösüşlere ýetip biler.
  • Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär.

Serdar Agamyradow,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany