SPORT

Ronaldonyň jemgyýetçilik torlaryndaky rekordy

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topayrnyň portugal hüjümçisi Kristiano Ronaldo jemgyýetçilik torlaryndaky yzarlajylarynyň sany 1 milliarda ýetdi. Ol taryhda bu üstünlige ýeten ilkinji adam boldy.

– Biz taryh döretdik – 1 milliard yzarlaýjy. Bu sandan hem ähmiýet zat – bu biziň umumy oýna bolan hyjuwymyzyň we söýgümiziň tassyknamasydyr – diýlip, bellenilýär.

Ronaldo bu barada beýanatynda şeýle belläp geçdi: Madeýranyň köçelerinden dünýäniň has uly sahnalarynda çykyş edip, meniň öz maşagalam we siziň üçin oýnadym. Bilelikde 1 milliarda ýetdik. Maňa ynamyňyz we goldawyňyz üçin minnetdar. Meniň durmuşymyň bir bölegi hasaplanýarsyňyz. Biz bilelikde taryh ýazmagy dowam ederis.

Ronaldonyň häzirki hereket edýän şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenlidir. Futbolçynyň transfer bahasy 15 million ýewro.

Golaýda Ronaldo ähli resmi duşuşyklarda 900-njy goluny geçirip, bu ugurda hem taryhy rekord goýdy.

Ronaldonyň “Instagram”, “Facebook”, “Х”, “YouTube”, “Kuaishou” we “Weibo” jemgyýetçilik torlarynda öz şahsy hasaby bar.

Ronaldonyň jemgyýetçilik torlaryndaky yzarlaýjylary: 

“Instagram” – 639 millionş

Facebook” – 170.5 million

X” (ozalky “Twitter”) – 113 million

“Yuotube” – 60.6 million 

39 ýaşyndaky Ronaldo hem milli ýygyndy hem-de topar derejesindäki gollarynyň sanyny 1000-e ýetirmegi maksat edinýär. Bu hem onuň sport taryhynda hemişelik ýatlanylmagyna mümkinçilik berer. Ronaldonyň gollarynyň sany 901-e deňdir.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy