SPORT

Türkmen futbolynda ilkinji zenan emin duşuşyklara çykar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji aýlawyndan başlap, Kristina Bersenýowa ätiýaçdaky emin hökmünde duşuşyklara gatnaşyp başlar. Şeýlelikde, ol türkmen futbolynyň taryhyna ilkinji zenan emin hökmünde girer. Bu barada Futbol federasiýasy habar berýär.

Kristina Bersenýowa milli çempionatymyzyň 21-nji tapgyryndaky “Ahal”-“Merw” duşuşygyna ätiýaçdaky emin Mergen Allaberdiýewiň kömekçisi hökmünde eýýäm bu işe gadam goýdy. Dördünji aýlawdan başlap bolsa, ol bu wezipäni özbaşdak ýerine ýetirmäge girişer.

Türkmenistanyň zenanlar futbol we futzal ýygyndylarynyň ozalky agzasy K.Bersenýowa futbol dünýäsine 14 ýaşyndaka Mary welaýatynda gadam goýdy. Onuň ilkinji tälimçisi Baýramow Myrat Garlyýewiçdir. Dürli sebäpler bilen futbola bäş ýyllap arakesme beren geljekki emin 2018-nji ýylda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Kamil Mingazowyň tagallasy bilen ýene-de gaýdyp geldi. Şondan bäri hem ol Türkmenistanyň futbol we futzal zenanlar ýygyndylarynyň düzüminde abraýly halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşdy.

Kristina Bersenýowa eýýäm 2 ýyldan bäri futbol eminligine taýýarlanyp gelýär. Ol şu ýyl eminler üçin geçirilýän ýörite synaglary üstünlikli tabşyrdy.

32 ýaşly emin çagalaryň arasynda geçirilýän birinjiliklerde we zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda ençeme gezek kömekçi emin bolup işledi. Indi bolsa ol Türkmenistanyň futbol boýunça birinji derejeli ýaryşynyň-milli çempionatyň Ýokary ligasynyň duşuşyklaryny alyp barmaga gatnaşar.

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder