SPORT

Türk futbolçy “Spartagy” däl, “Benfikany” saýlady

Türkiýäniň “Galatasaraý” toparynyň futbolçysy Kerem Aktürkogly Portugaliýanyň “Benfika” toparynyň düzümine goşuldy. Onuň ilkibaşda Russiýanyň “Spartak” toparyna geçmegine garaşylýardy. Türk we rus toparlaryň arasynda özara ylalaşyk gazanyldy, ýöne futbolçy rus toparynyň ornuna portugal toparyny saýlady.

Kerem Aktürkogly Portugaliýanyň “Benfika” topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2021-nji ýylda “Galatasaraý” toparynyň düzümine goşulan türk futbolçy bu toparda 179 duşuşykda oýnap, 49 gezke tapawutlandy.

Kerem Aktürkogly şol bir wagtda Türkiýäniň milli ýygyndysynyň hem ökde futbolçylarynyň biridir.

Related posts

Lionel Messi duşuşyga kamera bilen çykar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Katarda “2022 FIFA” Dünýä çempionatynyň başlanmagyna az wagt galdy