SPORT

“PSŽ” Fransiýada çempion yglan edildi

Fransiýanyň Professional futbol ligasy (LFP) resmi taýdan “PSŽ” toparyny 2019/2020-nji möwsümiň çempiony diýip, yglan etdi. Şeýlelikde “PSŽ” topary 9-njy çempionlygyny gazandy.

Mälim bolşy ýaly, Fransiýanyň futbol boýunça milli çempionaty koronawirus sebäpli wagtyndan öň ýatyrylypdy. Arakesme yglan edilýänçä, çempionatyň 28 tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. şonuň netijesinde, kerweniň başny çekip gelýän Neýmarly, Mbappeli “PSŽ” topary çempion boldy. 2-nji orny “Marsel” we üçünji orny “Renn” topary eýeledi. 3 topar indiki ýyl Çempionlar ligasynda Fransiýa wekilçilik ederler. “Renn” topary ilkinji gezek Ýewropanyň abraýly ýaryşyna gatnaşmak hukugyna eýe bolýar.

Çempionatdan 19-njy orundaky “Amen” we 20-nji orundaky “Tuluza” toparlary 2-nji liga düşürilýär.

“Liga 2” çempionatynda bolsa çempion diýlip, “Lorýan” topary yglan edildi. “Lorýan” bilen ikinji orny eýelän “Lans” topary indiki ýyl “Liga 1”-de çykyş eder.

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri