SPORT

Öz ýurdunda çempion boldy

Dünýä belli ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Barselona şäherinde geçirilen tennis boýunça “ATP 500” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda Nadal gresiýaly tennisçi Stefanos Sisipasa bilen duşuşdy. Birinji döwi 6:4 hasaby bilen Nadal ýeňdi. Ikinji döwde gresiýaly tenniçsi Sisipas setler boýunça hasaby deňlemegi başardy. Jemleýji döwde bolsa Rafael 7:5 hasaby bilen ýeňmek bilen çempionatyň çempion diýen adyna mynasyp boldy. Bu final duşuşyk 3 sagat 39 minut dowam etdi.

Şeýle hem Nadal “ATP 500” ýaryşyň kubogyny eýýäm 12-nji gezek eýeleýär. Bu ýeňiş Nadal üçin 2021-nji ýylda birinji we karýerasyndaky bolsa 87-nji ýeňşi boldy. Mundan başga-da ispaniýaly Rafael Nadal Tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) täzelenen sanawynda ikinji ýeri eýeledi. Bu barada guramanyň web sahypasynda habar berildi. Mundan öň dünýäniň ikinji raketkasy adyna russiýaly tennisçi Daniil Medwedew bolupdy.

 

 

Olimpiadadan ozal Wirtual olimpiada

 

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy