JEMGYÝET

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda 3 baýraga mynasyp boldy

“Akylly” Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasynda 3 sany baýraga  mynasyp boldy.

Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere hem-de kompaniýalara berildi. Akylly Arkadag şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir. Şunlukda türkmen tarapy şu aşakdaky 3 baýrak bilen sylaglandy:

  1. “Akylly” Arkadag şäheri – Iň tapawutlanan akylly şäher (Smart City Excellence Award)

*Diňe Arkadag şäheri sylaglandy;

  1. “Akylly: Arkadag şäheri – Daşary ýurt akylly şäheri (Foreign city award)
  2. “Akylly” Arkadag şäheri – «World Smart City Expo 2024» akylly şäherleriň halkara sergesine goşan uly goşandy üçin (WSCE 2024 Contribution Award)

Baýrak gowşuryş dabarasynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow minnetdarlyk sözi bilen çykyş etdi. Ol hususan-da koreý tarapynyň bu çäräni ýokary guramaçylykly derejede geçirendigini belläp, onda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän akylly şäherleriň tehnologiýalarynyň we ulgamlarynyň görkezilendigini aýdyp geçdi. Bu ugurda sergä gatnaşýan akylly Arkadag şäherine mynasyp derejede baha berlip, sylaglaryň gowşurylandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Ýene-de okaň

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Liderleri we Germaniýanyň Kansleriniň bilelikdäki beýanaty

Astanadaky ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammiti fotosuratlarda

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada german işewürleri bilen duşuşdy