JEMGYÝET

«Türkmenaragatnaşyk» «E-hökümet» ulgamynda Estoniýanyň kompaniýasy bilen pikir alyşýar

Estoniýanyň «Roksnet» kompaniýasynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş duşuşygynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Elektron hökümet» ulgamy barada tejribelerini paýlaşdy.

Agentligiň binasynda geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardamy bilen guraldy. Oňa üç tarapyň hem wekilleri gatnaşdy.

Agentligiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, «Roksnet» kompaniýasy, Hökümeti elektron görnüşinde dolandyrmak üçin «X-Road – Pudagara elektron alyş-çalyş ulgamyny» döretdi. Bu ulgam «Merkezleşdirilmedik» görnüşinde bolup, dürli hyzmatlary, maglumat binýatlaryny, ýokary standartly şifrlemeleri öz içinde birleşdirýär. «Roksnet» kompaniýasy häzirki wagtda «Elektron hökümet» ulgamynda maglumatlary alyşmakda, olary dolandyrmakda hem-de howpsuzlygyny üpjün etmekde öňdebaryjy orny eýeläp öz hyzmatlaryny hödürleýärler.

Kompaniýa «Elektron hökümet» ulgamy üçin diňebir «X-Road – Pudagara elektron alyş-çalyş ulgamyny» döretmegi teklip etmän, mundan başga-da «Elektron hökümet» ulgamynyň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezini, «Elektron hökümet» ulgamyny peýdalanyjylary barabarlandyrmagyň (identifikasiýasynyň) we autentifikasiýasynyň ýeke-täk maglumatlar ulgamyny şeýle hem, Ilatyň sanawyny, hyzmat edýän ýuridik we fiziki şahslar üçin bitewi anyklaýyş sanly kodlar ulgamyny döretmek hem-de şahsyýeti anyklaýyş ID ulgamlaryny döretmegiň çözgütlerini hödürledi. Bulardan başga-da bu ulgamlary gurnamakda zerur bolan kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamakda hem ýardam berýändiklerini belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda «Roksnet Solutions OÜ» kompaniýasy, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamyny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri hem-de bu işleri durmuşa geçirmäge taýýardyklary barada aýdyp, hem-de «Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda» we «Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy aýan etmezlik hakynda» Ähtnamalara gol çekmekligi hödürlediler.

 

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener