JEMGYÝET

Türkmen tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberiler

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen dostluga, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Ozal habar berişimiz ýaly, şu ýylyň iýul aýynda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy. Hususan-da, türkmen we eýran tarapy her ýylda 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama gol çekdiler. Resminama laýyklykda, türkmen tebigy gazy «swap» usulynda Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna iberiler.

Şeýle hem ýakynda Tähranda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasyndaky geçirilen gepleşiklerinde ýakyn geljekde «swap» usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Türkmenistan «RES 2026 EXPO» sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aral sammitinde çykyş etdi