Şu gün paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygy geçirildi. Onuň jemleri boýunça özara gyzyklnma bildirilýän ugurlarda birnäçe resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygynyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şonda iki ýurduň arasynda degişli ugurlar boýunça, hususan-da:
– Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» döwlet kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda Turgundy demirýol bekedinde guruljak desgalaryň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda gurulmagy meýilleşdirilýän Turgundy-Hyrat demir ýolunyň ugrundaky takmynan 22 kilometr Turgundy-Sanabar böleginiň Iş meýilnamasyna;
– «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasy bilen Owganystanyň «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçiriji taslamasy babatynda Kabul edýän tarapynyň Hökümeti bilen Ylalaşyga gol çekildi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen giňeldilen düzümdäki duşuşyk we onuň netijesi boýunça gol çekilen resminamalar iki goňşy ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we giňeltmäge uly itergi bermäge gönükdirilendir.
