JEMGYÝET

Arkadag şäherinde FIFA-nyň okuw usulyýet merkezi dörediler

Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Arkadag şäherine baryp gördi. Ol Türkmenistanyň ilkinji “akylly” şäheri bilen tanşyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny synlady.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, FIFA-nyň Prezidenti Arkadag şäheri bilen tanyşlyk geçendigi üçin örän şatdygyny belläp, bu şäherde FIFA-nyň okuw usulyýet merkeziniň döredilmegi uly ösüşi üpjün etjekdigini belledi.

Bu taslamanyň dünýä futbolynyň taryhynda ähmiýetli waka boljakdygyny belläp, Janni Infantino onuň Türkmenistandaky futboldaky üstünliklerine ýardam etjekdigini mälim etdi.

 

Related posts

Kazakistan Milli Gününü Kutladı

vepa

Navaz Şarif ve Berdimuhamedov baş başa görüşme yaptılar

vepa

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişildi

Leave a Comment