JEMGYÝET

Pariž Olimpiadasy tamamlandy: Amerika birinjiligi eýeledi

26-njy iýunda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde badalga alan tomusky Olimpiýa oýunlary düýn tamamlandy. ABŞ-nyň milli ýygyndysy 40 altyn, 44 kümüş we 43 bürünç, jemi 127 medal gazanyp, birinji orny eýeledi.

4 ýylda bir gezek geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdakysy tamamlandy. Pariž Olimpiadasy hökmünde hakydalarda orun aljak Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy Parižiň meşhur “Stad de Frans” stadionynda geçirildi.

Ýapylyş dabarasynda herekelti kinolaryň ýyldyzy Tom Kruz stadionyň depesinden paraşýutly böküp, 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anželes şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň baýdagyny bu şäheriň häkimi Karen Bassa gowşurdy.

Köp sanly olimpiýa we dünýä rekordlary bilen ýatda galan Pariž Olimpiadasynda iň köp medal gazanan ýurtlaryň sanawynda ABŞ birinji orny eýeledi. Amerikanyň türgenleri 40 altyn, 44 kümüş we 43 bürünç, jemi 127 medal gazandy.

Ikinji orny Hytaýyň türgenleri eýeläp, olar 40 altyn, 27 kümüş we 24 bürünç, jemi 91 medal gazanan bolsa, üçünji orny eýelän Ýaponiýanyň türgenleri 20 altyn, 12 kümüş we 13 bürünç, jemi 45 medalyň eýesi boldular.

Ýapylyş dabarasynyň ahyrynda Olimpiýa oýunlarynda iň köp medal gazanan fransuz türgeni Leon Marşan elindäki çüýşedäki Olimpiýa alawyny öçürdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi