JEMGYÝET

Türkmen-eýran söwda gatnaşyklary berkidilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini, hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegi boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, demirýol arkaly ýük gatnawlarynyň kadaly ýagdaýda saklanylmagyna aýratyn üns berildi.

Ministrler ikitaraplaýyn özaraereketleriň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ähmiýetli ornuny bellediler.  Ulag we kommunikasiýa, senagat, oba we suw hojalygy ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada pikir alşyldy.

Related posts

Türkmen vatandaşlarına ‘Bağımsızlık’ hediyesi

vepa

Türkmenistan ulag ulgamynda halkara resminamalara gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Katar-2022:Dünýä çempionatyny nädip tomaşa edip bolar?