JEMGYÝET

Türkiýe Türkmenistandan 2 milliard kubmetr tebigy gaz alar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda saparda bolan Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bu saparynyň çäklerinde tebigy gaz, elektrik energetika we magdan senagaty boýunça birnäçe netijeli gepleşikler geçirdi.

Bu sapary barada Türkiýäniň metbugatyna beýanat beren türk ministri Türkmenistanyň tebigy gaazyny Türkiýä we öz ýurdy arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermegi meýilleşdirýändiklerini mälim etdi.

– Türkmenistan dünýäde tebigy gaz babatda örän uly äähmiýete eýe ýurtdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigy gazynyň diňe gündogar ugra däl, eýsem günbatar ugra, ýagny Türkiýäniň üsti bilen beýleki ýurtlara ibermek boýunça taslamalaryň üstünde iş alyp barýarys. “Swap” usuly bilen çalt depginde ilkinji tapgyrda 2 milliard kubmetr tebigy gazy almak arkaly işi ýola goýmak meýilleşdirýäris – diýip, ministr Baýraktar belledi.

Alparslan Baýraktar Hazar deňzi arkaly geçiriljek turbageçiriji bilen 20 ýylda 300 milliard kubmetr tebigy gazyň günbatar bazaryna iberiljekdigini mälim etdi.

Energetika pudagynda tehniki hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýändiklerini bellän Baýraktar Türkmenistanyň ýerasty tebigy gaz desgalaryny gurmak babatdaky maýa goýum taslamalaryna Türkiýäniň “BOTAŞ” milli kompaniýasynyň hem goşant goşup biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanda magdan senagaty we elektrik energiýa pudagynda geljegi uly mümkinçilikleriň bardygyny bellän Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän gepleşikleriň ilkinji gezek degişli ylalaşyklar bilen iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy