JEMGYÝET

Türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Düýn Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň energetika ministriniň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Türkiýäniň ministri “X” (ozalky “Twitter”) jemgyýetçilik torunda bu duşuşyk barada şeýle diýdi:

– Türkmenistanda amala aşyran saparymyzyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bilen duşuşdyk.

Duşuşykda Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazaryna ibermek üçin şu ýylyň mart aýynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany durmuşa geçirmek babatda ýerine ýetiriljek işler barada maslahatlaşdyk.

Şeýle hem Türkmenistanda gury ýerde we deňiz kenarlarynda tebigy gaz we nebit ýataklaryny özleşdirmek babatda mümkin bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alyşdyk.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar saparynyň dowamynda Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew bilen hem duşuşdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi