JEMGYÝET

Ýakyn 10 ýylda taryha girjek kärler

«SuperJob» iş gözleg gullugynyň ýolbaşçysy Alekseý Zaharowyň pikirine görä, ýakyn 10 ýylda hasapçy, ýük awtoulaglarynyň we taksileriň sürüjileri ýaly kärleriň taryha girmegi mümkin.

Zaharowyň pikiriçe, ösýän sanlylaşdyrma we köpçülikleýin elektron resminamalaryna geçmek bilen hasapçylara bolan isleg azalýar. Şeýle hem geljekde dronlar sürüjileriň zerurlygyny aradan aýryp biler. Ol ýakyn wagtda ähli awtoulag kompaniýalarynyň sürüjisiz ulaglaryň önümçiligine köpçülikleýin girişjekdigine ynanýar.

Zaharowyň pikiriçe, ýakyn ýyllarda daşary ýurt dili mugallymlaryna bolan islegiň hem ýitip gitmek howpy bar: bu, esasan, tehnologiýanyň ösmegi bilen baglanyşykly. Onuň sözlerine görä, elektron terjime hyzmatlarynyň netijeliligi ýokarlanmagy bilen dil öwrenýänler olary mugallymlar bilen çalşyp bilerler.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Related posts

Türkmenistan 2017’ye havai fişeklerle ‘Merhaba’ Dedi

vepa

Medeniýet hepdeligi – 2024 Arkadag şäherinde geçiriler

Hindistanda gar adamyň yzyna gabat gelindi

vepa