Azerbaýjanyň dzýudoçysy Hidaýat Geýdarow Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 73 kilogram agramda çykyş edip, altyn medal gazandy.
Ol final duşuşygynda fransuz türgen Joan-Benjamin Gabany “ippon” ýagny möhletinden öň ýeňip, Azerbaýjan Respublikasyna Pariž Olimpiadasynda ilkinji altyn medalyny gazandyrdy.
Hidaýat Geýdarow dünýä çempiony we Ýewropanyň 4 gezek çempiony bolup, Azerbaýjanyň 8 ýyldan soňra Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanmagyna mümkinçilik döretdi.
Azerbaýjanly türgenler soňky gezek 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanypdy. Dzýudo sportunda bolsa, 2008-nji ýyldan bäri medal gazanmak mümkinçiligi bolmandy.
Hidaýat Geýdarowyň bu taryhy üstünligi Azerbaýjanyň taryhyndaky Ýer şarynyň iň iri sport ýaryşyndaky 50-nji medaly boldy.
