SPORT

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Hytaý gazandy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde badalga alan we 4 ýylda bir gezek geçirilýän dünýäniň iň iri sport ýaryşy bolan tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Hytaýyň türgenleri gazandy.

Olimpiýa oýunlarynda ilkinji altyn medal ugrundaky bäsleşik pnewmatik tüpeň bilen ok atmak ugrundaky ýaryş boldy.

Bu ýaryşda garyşyk hem erkek hem-de zenan türgenden ybarat bolan toparlar bäsleşdi. Şonda Hytaýyň türgenleri Huan Ýuýtin we Şen Lihao altyn medal gazanyp, öz ýurdunyň hem-de Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny gazandy.

Bu ýaryşda Günorta Koreýanyň türgenleri kümüş we Gazagystanyň türgenleri bürünç medaly gazandy.

Olimpiýa oýunlarynyň birinji gününiň netijeleri boýunça medallaryň sanawynda Awstraliýa birinji orna geçdi. Bu ýurduň türgenleri 3 altyn we 2 kümüş medal gazandy. Ikinji orunda Hytaýly türgenler barýar we olar 2 altyn we 1 bürünç medal gazandy.

Üçünji orundaky ABŞ-nyň türgenleri 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazandy.

Şeýlelikde, birinji günüň netijeleri boýunça 20 döwletiň türgenleri dürli görnüşdäki medallary gazanmagy başardylar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady