JEMGYÝET

Türkmenistan Owganystanyň diplomatyny tassyklaýan resminamany gowşurdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Fazal Muhammed Sabire onuň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekildigini tassyklaýan resminamany gowşurdy.

Owgan diplomaty birnäçe ýyllaryň dowamynda Aşgabatda öz ýurduna wekilçilik edýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki doganlyk döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli halkara energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy.

Munuň özi ilkinji nobatda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy, Türkmenistan–Owganystan–Päkistan (TAP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem Türkmenistandan Owganystana çenli demir ýolunyň gurluşygydyr.

Related posts

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletine döwlet sapary bilen bardy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana iş sapary başlandy

Ata Watan Eserleri