JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranda iş saparynda bolar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biriniň hem Eýran Yslam Respublikasy bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 30-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin wise-premýer, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.

Related posts

Türkmen Lider, Yılbaşı etkinliklerine katıldı

vepa

Ýylyň duşuşygy: Putin bilen Tramp duşuşýar

Ata Watan Eserleri

Täsin, ýöne peýdaly aksiýa

vepa