JEMGYÝET

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji noýabrynda ABŞ-da prezident saýlawlary geçiriler. Şol saýlawlara Demokratlar partiýasyndan dalaşgär görkezilen ýurduň häzirki Prezidenti Jozef Baýden gaýtadan prezidentlige saýlanmakdan ýüz öwürdi.

Ýurduň Prezidenti Jozef Baýden wise-prezident Kamala Harrisiň Demokrat partiýasynyň adyndan ýurduň esasy döwlet wezipesi bolan prezidentlige dalaşgär bolmagy üçin goldaw berjekdigini belledi.

Kamala Harris hem öňde boljak saýlawlarda dalaşgär bolmak üçin tagalla etjekdigini mälim etdi.

Baýden özüniň prezidentlik wezipesini amala aşyran döwründe Ameirkanyň halkynyň uly öňegidişlikler gazanandygyny belledi. Ol Ameirkanyň halkynyň goldawy bilen ABŞ-nyň gazanan üstünlikleri barada hem belläp geçdi.

ABŞ-nyň prezident saýlawlarynda ýurduň iki esasy syýasy partiýasynyň – Demokratlaryň we Respublikanlaryň dalaşgärleriniň basleşigi möhüm bolup durýar.

Respublikan partiýasyndan dalaşgärlige ýurduň 45-nji Prezidenti Donald Tramp görkezilipdi.

ABŞ-nyň metbugatynyň habar bermegine görä, Jo Baýdeniň prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürmeginiň soňky 50 ýylda gaýtadan ýüze çykan waka boldy.

Mundan ozal, 1968-nji ýylda Lindon Jonson döwründe şeýle waka bolupdy. Ol hem ikinji möhlete saýlanmakdan ýüz öwrüpdi.

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine gutlagy