JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynda saparda bolar. Bu barada Pakistanyň daşary syýasat edarasy habar berer.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Işak Dar bilen gepleşikler geçirer, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Pakistanyň ýolbaşçy düzümi bilen hem gepleşikler geçirmegi meýilleşdirilýär.

Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat wekili Mumtaz Baloçyň bellemegine görä, Yslamabadda geçiriljek gepleşiklerde Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryynyň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherinde guralan dabaraly çärelere gatnaşdy

Ýurdumyzyň teatrlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy