BIZNES

Türkmenistan-BAE: gaz pudagynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

“Türkmengaz” döwlet konserniň ýolbaşçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaber bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ADNOC kompaniýasynyň “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine hem-de Türkmenistanyň alyp barýan halkara energetika taslamalaryna gatnaşmagy babatda pikir alşyldy.

2023-nji ýylyň başyndan bäri BAE-niň ADNOC iri kompaniýasy gaz pudagyndaky halkara düzgünlere laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Wideokonferensiýa arkaly duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Emirlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmegiň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, durmuşa geçirilýän taslamalary ykdysady we tehniki jähtden garamak boýunça ikitaraplaýyn ygrarlylygyň bardygy bellenildi.

Related posts

Türkmenistan Astrahanda logistika merkezi döreder

Italiýa daşary söwdada öňdäki orunlarda

Ata Watan Eserleri

Hususy pudagyň wekilleri Aşgabatda gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşýar

Ata Watan Eserleri