SPORT

Türkmenistanly ralliçiler «Ýüpek ýoly-2024» rallisine gatnaşýarlar

Türkmenistanly toparlar Russiýanyň Tomsk şäherinde badalga alana “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşynyň 14-nji goýberilişine gatnaşýarlar. Üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda başlan “Ýüpek ýoly” rallisi taslamasyna 15 ýyl doldy.

Üstümizdäki ýylda bu halkara ýaryşa 13 döwletden 200-e golaý türgen gatnaşýar. “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşy Russiýa bilen Mongoliýanyň çäklerinden geçer. Ol 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda tamamlanar.

Ralliniň umumy uzynlygy 5243 kilometre deňdir. Onuň 2992 kilometri ýokary tizlikli ýolardyr. Şeýle hem ýaryşa marafon tapgyry goşulyp, onda sürüji türgenleriň mehaniklerden kömek almagy gadagan edildi. Türgenleriň özi ulaglarynda tähniki näsazlyklar dörän halatynda özleri bejermeli bolarlar.

“Ýüpek ýoly” halkara ýaryşynyň on dördünji tapgyry Ýewraziýadaky ralli ýaryşlarynyň iň uly taslamasyny ösdürmekde täze ädim bolar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler