Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary baş tälimçisi Erin ten Hag bilen täze şertnama baglaşdy. Bu şertnama 2026-njy ýyla çenli döwri öz içine alýar.
Niderlandly tälimçi 2022-nji ýylda bu topara gelipdi. 2023-2024-nji möwsümde “Mançester Ýunaýted” topary şowsuz çykyş edip, Angliýanyň milli çempionatynda 8-nji orny eýeledi. Ýöne topar Angliýanyň Kubogyny gazanyp, geljek ýyl Ýewropa kuboklarynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy.
Köp sanly futbol bilermenleri iňlis toparynyň baş tälimçisi bilen şertnamasyny ýatyrmagy göz öňünde tutýandygyny belläpdiler.
Ýöne toparyň ýolbaşçy düzümi niderlandly tälimçe ýene-de bir mümkinçilik döretdiler.
