DÜNÝÄ

Özbek Lideri Antoniu Guterriş bilen duşuşdy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Kuksaroý kabulhanasynda resmi sapar bilen  baran Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda global we sebitleýin parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, Özbegistan bilen BMG-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depgine kanagatlanma bildirildi. 140 bilelikdäki maksatnama we taslama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diňe soňky ýyllarda özbek tarapynyň başlangyjy bilen BMG Baş Assambleýasynyň 10 sany ýörite kararnama kabul edildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň bäş orunbasary ýylyň başyndan bäri Özbegistanda saparda boldy. Geçen aý Özbegistan Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) we Halkara Zähmet Guramasynyň Dolandyryjy Geňeşine saýlandy. Özbegistanyň wekili ilkinji gezek BMG-nyň Adam hukuklary komitetiniň agzasy boldy. BMG-nyň başga bir ýörite agentliginiň wekiliýeti, Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasy Daşkende öz işine başlady.

Global gün tertibi bilen möhüm ugurlary, esasanam azyk howpsuzlygy, syýahatçylygy ösdürmek, garyplyga we howanyň üýtgemegine garşy göreş we biodürlüligi goramak ýaly ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Geljek ýyl Samarkandda ÝUNESKO-nyň 43-nji umumy konferensiýasy geçiriler.

Häzirki halkara we sebit meseleleri barada-da pikir alyşmalar geçirildi.

Ulag aragatnaşygyny ösdürmek, sebitde azyk, energiýa we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda özara gatnaşyklar meselelerine garaldy.

Owganystandaky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy, owgan halkyna ynsanperwer kömegini giňeltmegiň we bu ýurt bilen baglanyşykly dünýä jemgyýetçiligi üçin jebis strategiýany işläp düzmegiň zerurlygy nygtaldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça 2026–2030-njy ýyllar aralygynda Özbegistanyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri