25-nji iýunda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy bolup geçdi.

Açylyş dabarasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamyň üsti bilen göni ýaýlymda «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa toparyny, onuň ýolbaşçysyny «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylmagy bilen gutlady we olaryň döwletimiziň ösüşlerinde mynasyp goşantlarynyň bardygyny buýsanmak bilen nygtady.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary uzak ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň gadymy däplerini özünde jemleýän, dürli öwüşginli tanslary bilen diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde-de çykyş edip, milli medeniýetimiziň ajaýyp däplerini şöhratlandyrmaga uly goşant goşup gelýärler – diýip belledi.


Milli binagärligiň döwrebap sazlaşygynda gurlan «Dokmaçylar» medeni merkezinde sazandalar we tansçylar üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tans zallary bolup, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilipdir.
