SIZDEN GELENLER

Bilim — ösüşiň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän maksatnamalar öňe sürülýär. Watansöýüji, halal, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän ylym-bilim babatdaky resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem önümçilikde ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň çalt depginlerde ornaşdyrylmagy, işjeň ulanylmagy bilen ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, üçünji müňýyllygyň başlangyjynda her bir döwletiň kuwwatly ösüşi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ýurdumyzda her ýyl ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar gurulýar we kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Ylym-bilim ulgamyndaky bitirilen beýik işler her bir türkmenistanlyny syýasy, ykdysady, durmuş we ruhy taýdan sagdyn düşünjä eýe etdi. Dürli ugurlardaky hünärmenlere netijeli işlemäge köpugurly şertleri emele getirdi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça häzirki wagtda türkmen alymlary daşary ýurtly alymlar we hünärmenler bilen bilelikde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň dürli ugurlaryna degişli möhüm ylmy işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda bio, nano, maglumat we himiýa tehnologiýalar ulgamynda toplumlaýyn barlaglar, maddalary fiziki, himiki taýdan düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar we atom derejede derňemek bilen bagly ylmy işläp taýýarlamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen, ýurdumyzyň we dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine, sanly tehnologiýalaryň häzirki zaman gazananlaryna daýanan milli bilim ulgamymyzda uly üstünliklere ýetilýär. Ýurdumyzda öz kärine ussat ýaş alymlar kemala gelýär. Halkara olimpiadalarda, ders bäsleşiklerinde guwandyryjy netijeleri gazanýan, ylmy konferensiýalarda, maslahatlarda üstünlikli çykyş edýän ýaşlarymyz ýurdumyzda bilim ulgamynyň pajarlap ösýändigini dünýä äşgär edýär.

Adama durmuşda öz ornuny tapyp, üstünliklere ýetmegi üçin kämil bilim hem-de hünär ussatlygy gerek. Munuň üçin ene-atanyň we mugallymlaryň çaga berýän bilimi, edep-terbiýesi, görkezýän göreldesi pähim-paýhas mekdebi bolup, onuň kemally şahsyýet bolup ýetişmeginiň esasy binýadydyr. Her bir çaganyň aňynyň ösmeginde, zehininiň taplanmagynda, ukyp-başarnyklarynyň kemala gelmeginde, ylym-bilime uly hyjuw bilen çemeleşmeginde, göwün söýen käriniň eýesi bolup, üstünlikleri gazanmagynda biz — mugallymlar döredijilikli zähmet çekmelidiris. Çünki çagalykda alnan bilim, edep-ekram, pahimdir öwüt-ündewler hemişelik hakydada galýar.

Ata Watanymyzyň ähli ulgamlaryndaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda milli bilimiň we ylmyň ösüş derejesine baglydyr. Bilimiň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi diňe bir şu günki däl, eýsem, geljekki ösüşleriň hem depginli gadamyny kesgitleýär. Ýaşlaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, öz kärine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýän, mähriban Diýarymyzy depginli bat bilen uly ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Pihamberguly Muhammetgeldiýew, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri