SPORT

“Olimpiakos” Konferensiýa Ligasynyň kubogyny gazandy

Ýewropa yklymynda futbol toparlarynyň arasynda 3 sany iri ýaryş guralýar. Olaryň birinji Çempionlar ligasy, ikinjisi Ýewropa Ligasy, üçünjisi bolsa Konferensiýa Ligasydyr. Bu ýaryşlar Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi, ýagny UEFa tarapyndan guralýar.

UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň finaly geçirilip, onda Italiýanyň “Atalanta” topary kubogy gazandy. Düýn bolsa, üçünji derejedäki ýaryş, ýagny UEFA-nyň Konferensiýa Ligasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finaly geçirildi.

Onda Gresiýanyň “Olimpiakos” bilen Italiýanyň “Fiorentina” toparlary duşuşdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda grek toparynyň peýdasyna tamamlandy. Afinyda geçirilen duşuşygyň ýeke-täk goluny 116-njy minutda Aýub El-Kaabi öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, “Olimpiakos” topary Gresiýada Ýewropa kubogyny gazanan ilkinji topar boldy. Mundan ozal, Gresiýanyň “Panatinaikos” topary 1970/71-nji ýylyň möwsüminde Çempionlar ligasynyň finalyna çykypdy. Şeýle hem bu topar 2 gezek ýarym finala çykmagy başarypdy. AEK topary hem UEFA-nyň Kubogyna ýarym finala çykypdy. Ýöne bu grek toparlaryna kubok almak başartmandy.

“Olimpiakos” toparynyň ispan tälimiçisi Hose Luis Mendilibar bassyr 2-nji ýyl Ýewropanyň kubogyny gazandy. Geçen möwsümde ol “Sewilýa” topary bilen UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazanypdy.

Grek topary bu gazanan üstünligi bilen geljek möwsümde Ýewropa Ligasyna gatnaşar.

Konferensiýa Ligasy 3 ýyldan bäri geçirilip gelinýär we 3-nji derejeli kubok ýaryşy bolup durýär. bu kubogy ilkinji bolup, 2021/22-nji möwsümde Italiýanyň “Roma” topary gazanypdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady