SPORT

Buffon bilen Kýellini “Ýuwentusda” galar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ady rowaýata öwrülen futbolçysy Jorjio Kýellini bilen derwezeban Gianluigi Buffon we goragçy bilen şertnamalaryň uzaldylýandygyny habar berdi.

42 ýaşly Buffon we 35 ýaşly Kýellini bilen şertnamalar 2021-nji ýylyň tomsuna çenli uzaldyldy.

Kýellini 2005-nji ýyldan bäri “Ýuwentusyň” düzüminde oýnap gelýär. Buffon bolsa 2001-2018-nji ýyllar aralygynda bu toparyň derwezesini gorady. Soňra Fransiýanyň PSŽ toparyna gitdi. Ol ýerdenem bir möwsümden soňra “Ýuwentus” toparyna gaýdyp geldi.

Related posts

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar

Gurban Berdiýew Eýranyň toparyna tälim berer

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony ozalky toparyna dolanyp bardy