Golaýda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde “Salam Oş-2024” atly ilkinji halkara syýahatçylyk sergi-ýarmarkasy geçirildi. Bu syýahatçylyk sergisine Türkmenistandan birnäçe syýahatçylyk kompaniýalary gatnaşdy. Olaryň hatarynda “Eşretli Syýahat” syýahatçylyk kompaniýasy hem bar.Şeýle hem “Bagtyýar dostlar”, “Hazar merjeni”, “Jahan keşde”, “Çar ýyldyzy”, “Ukyply dost” ýaly kompaniýalar hem gatnaşdylar.
– Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylaryna öz minnetdarlygymyzy bildirýärin. Biz öz kompaniýamyz bilen bir hatarda birnäçe syýahatçylyk kompaniýalary hökmünde bu sergi-ýarmarkasyna gatnaşdyk.
Onda “Eşretli Syýahat” kompaniýasy hökmünde öz diwarlygymyzy açdyk. Şeýle halkara sergiler Türkmenistan döwletimize, onuň ak mermerli Aşgabat şäherine, welaýatlarymyza, sebitlerimizdäki taryhy-medeni ýadygärliklere daşary ýurt syýahatçylaryny çekmek üçin giň mümkinçilikler döredýär. Bilşiňiz ýaly, paýtagtymyz Aşgabadyň köp sanly gözel ýerleri, Mary welaýatyndaky Soltan Sanjaryň kummeti we beýleki taryhy ýadygärlikler, Lebap welaýatyndaky meşhur dinozawrlaryň yzlary ýaly syýahatçylyk mekanlary daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne çekýär – diýip, “Eşretli Syýahat” kompaniýasy ýolbaşçysy Sähra Amanowa belläp geçdi.
Gyrgyz Respublikasynda ilkinji gezek geçirilýän syýahatçylyk sergi-ýarmarkasy dünýäniň dürli döwletlerinden gelen syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilik döretdi.
Sergide Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän syýahatçylyk ugurlary, Gyrgyzystanyň Oş, Çuý, Talas, Naryn we Yssyk-Kul ýaly şäherleriniň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada maglumat almaga şert döredildi.