SPORT

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň futbolçysy Fil Foden Angliýanyň futbol çempionatynda “ýylyň futbolçysy” boldy.

23 ýaşyndaky iňlis futbolçysy Angliýanyň çempionatynyň dowamynda 34 duşuşykda oýnap, 17 gol geçirdi.

Möwsümde netijeli oýun görkezen Fil Foden bu abraýly dereje eýe bolmak babatda Erling Holand, Aleksandr Isak, Martin Edegor, Deklan Raýs, Koul Palmer, Wirjil dan Deýk we Olli Uotkins ýaly futbolçylardan öňe saýlandy.

Şu gün Angliýanyň futbol çempionaty tamamlanar we çempion belli bolar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler