SPORT

Çempionlar ligasy: german finaly bolup bilermi?

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Germaniýanyň “Bawariýa” topary öz meýdançasynda Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

Germaniýanyň başga bir güýçli topary “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda Fransiýanyň çempiony “PSŽ” toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. German toparynyň ýeke-täk goluny Fýullkrug öz adyna geçirdi. Bu futbolçy 2 ýyl mundan ozal, Germaniýanyň çempionatynyň 2-nji ligasynda oýnaýardy.

“Borussiýa” geçmek bilen Çempionlar ligasynda geçiren gollary bilen köp sanly toparlaryň gyzyklanmasyna eýe boldy.

“Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda gazanan ýeňşi Germaniýanyň hem peýdasyna boldy. Geljek möwsümde Germaniýadan Çempionlar ligasyna 5 topar gatnaşar. Mundan ozal, Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşyna Germaniýadan 4 topar gatnaşýardy.

Geljek möwsümde Germaniýadan “Baýer”, “Bawariýa”, “Ştutgart”, “Leýpsig” we “Borussiýa Dortmund” Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk aldy.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady