Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kamerony kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Beýik Britaniýanyň Döwlet sekretary Dewid Kameron hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşykdan soňra habarçylara beren beýanatynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary barada pikir alşandyklaryny belledi.
Şeýle hem ol medeni we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri, hususan-da iňlis dilini öwrenmek we bu ugurda mümkinçilikleri hödürlemek babatda pikir alşylandygyny mälim etdi.
Mälim bolşy ýaly, Beýik Britaniýanyň Döwlet sekretary Dewid Kameron 22-nji aprelde Merkezi Aziýa döwletlerine resmi saparyna badalga berip, degişlilikde Täjigistanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda saparda bolup, öz ýurdy bilen sebit döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy we birnäçe resminamalaryň gol çekilmegine gatnaşdy.
Ozal habar berlişine görä, Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri derejesinde Täjigistana, Gyrgyzystana we Türkmenistana ilkinji sapar amala aşyryldy. Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri 1997-nji ýylda Özbegistanda saparda bolupdy.
11 ýyl mundan ozal, Beýik Britaniýanyň Döwlet sekretary Dewid Kameron öz ýurdunyň hökümetiniň baştutany hökmünde Gazagystanda saparda bolupdy.
Türkmenistandan soňra Gazagystanda saparda bolan Dewid Kameron bu ýurtda geçiren gepleşikleriniň netijesinde Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen strategik hyzmatdaş we hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekişdi.
