JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we doganlyk özbek halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Taraplar türkmen-özbek dostluk, hoşniýetlilik we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundna beýläk-de has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Senagat, energetika, oba hojalygy, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi kanagatlanma bilen bellendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Prezidenti sebitiň gün tertibiniň meseleleri barada pikir alyşdylar we öňde boljak çäreleriň meýilnamasyna garadylar.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlar kabul edildi

Arkadag şäherine

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Leave a Comment